Iň täze habarlar

«Türkmenaragatnaşyk» Estoniýanyň Akademiýasy bilen telekommunikasiýa ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýýar

05.07.2025 | 13:35 |
 «Türkmenaragatnaşyk» Estoniýanyň Akademiýasy bilen telekommunikasiýa ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýýar

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory M.Çakyýew, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Estoniýa Respublikasynyň degişli Akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi hödürledi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tejribe alyşmak we pudaklaýyn halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça uly işleri alyp barýar. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem, öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrenmek we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak esasy ugurlaryň hatarynda durýar.

Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedow estoniýa tarapy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýmak baradaky teklibi makullady we bu başlangyjy amala aşyrmak üçin agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy diýip, TDH habar berýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: