Geljekki durmuş işgärleri maşgalalaryň zerurlyklaryny öwrenmek boýunça meýdan işlerini geçirdiler
06.07.2025 | 22:30 |Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durmuş işi” hünärinde okaýan 2-nji ýyl talyplarynyň okuw tejribesini geçmegine ýardam etdi. Bu çäre ÝUNISEF-iň maşgala gönükdirilen ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek üçin işgärleri taýýarlamak ulgamyny berkitmek boýunça alyp barýan hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir.
Okuw tejribesi arkaly talyplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF tarapyndan bilelikde geçirilýän, goşmaça döwlet goldawyna mätäç maşgalalaryň zerurlyklaryny öwrenmek boýunça barlaglara gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Üç hepde dowam eden bu işde 35 talyp Aşgabadyň hem-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän 220 maşgaladan düzümleýin söhbetdeşlikler arkaly maglumat toplady. Bu iş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we durmuş işi boýunça hünärmenleriň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Meýdan işleriniň öňüsyrasynda ÝUNISEF Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde talyplar we mugallymlar üçin taýýarlyk seminarlaryny gurady. Gatnaşanlar barlagyň maksady we usulyýeti bilen tanyşdylar, söhbetdeşlik geçirmek boýunça okuw geçdiler, soragnamalary synag görnüşinde ulanyp gördüler, durmuş işindäki ahlak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Aýratyn üns gowşak ýagdaýdaky çagalar we maşgalalar bilen gatnaşygyň strategiýalaryna gönükdirildi.
Talyplar ýerli jemgyýetçilik hyzmatlaryny hödürleýän guramalaryň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda tejribe gazandylar. Olar ata-enelerden, hossarlardan maglumat ýygnap, maşgala hyzmatlaryna elýeterliligi, ýüze çykýan kynçylyklar, çagalaryň abadançylygyny üpjün etmek üçin zerur goldaw barada maglumat topladylar. Toplanan maglumatlar tejribe barlagynyň bir bölegi hökmünde durmuşa geçiriljek syýasatlaryň we maksatnamalaryň esaslandyrylan maglumatlar arkaly taýýarlanmagyna hyzmat eder.
Şeýle hem bu tejribe talyplara Türkmenistanyň milli durmuş üpjünçiligi usullary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň berýän kömegi bilen-de tanyşdylar. Bu bolsa talyplaryň durmuş goraglylygy ulgamyna we çagalaryň, maşgalalaryň bähbidine işleýän edaralaryň arasyndaky özara gatnaşygyna has oňat düşünmegine ýardam etdi.
Tejribäniň ahyrynda talyplaryň bu hünäriň ösdürilmegine goşandyny goşmak isleýändigini tassyklaýan şahadatnamalar gowşuryldy. Bu çäre olaryň durmuş işi ugrunda hünär ukyplaryny ösdürmekde, akademiki bilim bilen tejribäni baglanyşdyrmakda we çagalaryň, maşgalalaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda döwlet syýasatynyň orny bilen tanyşmakda möhüm ädim boldy.
ORIENT