Türkmenistan zenanlaryň arasynda Küşt boýunça dünýä kubogyna ilkinji gezek wekilçilik etdi
06.07.2025 | 21:35 |2025-nji ýylyň 5-29-njy iýuly aralygynda Batumi (Gruziýa) şäherinde FIDE-niň zenanlaryň arasynda Küşt boýunça dünýä kubogy geçirilýär. Bu ýaryşa dünýäniň iň güýçli küştçileriniň 107-si gatnaşýar, olaryň arasynda taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň wekili gatnaşýar – milli zenanlar toparynyň 19 ýaşly lideri, zenanlaryň arasynda FIDE ussady Läle Şöhradowa (FIDE reýting - 2135).
Şöhradowa bu ýaryşa gatnaşmak hukugyny 2024-nji ýylda Budapeştde geçirilen (Wengriýa) 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň zenanlar toparynyň ýeňşi netijesinde gazandy, bu ýerde küştçilerimiz “C” kategoriýasynda birinji orny eýeledi.
Köp küşt ýaryşlaryndan tapawutlylykda Dünýä çempionaty Olimpiýa ulgamyna (utulan çykdy) laýyklykda oýnalýar we 7 tapgyr dowam edýär. Her tapgyrda iki sany nusgawy döw oýnalýar (90min + 30min 40 göçümden soň + her göçüme 30 sek). Utuklar deň bolan ýagdaýynda, taý-breýk geçirilýär: rapid (15 min + her göçüme10 sekunt), soňra ýeňiji kesgitlenýänçä blitz (5+3 we 3+2).
Birinji tapgyrda, 90-njy ekiş belgisi bilen watandaşymyz, Hindistandan gelen halkara derejeli ussat we zenan grossmeýster Agrawal Wantika (23 ýaşly, reýting – 2388, ýaryşda ekiş belgisi – 39).
Zenanlar arasyndaky küşt boýunça dünýä kubogy, FIDE tarapyndan gurnalýan erkekleryň arasyndaky dünýä kogyna meňzeş täze bir ýaryşdyr. Zenanlaryň arysyndaki kubok ýaryşy ilkinji gezek 2021-nji ýylda geçirildi we onda Aleksandr Kostenýuk (Russiýa) ýeňiş gazanypdy. 2023-nji ýyldaky dünýä kubogynda rus zenany Aleksandr Gorýaçkina ýeňiji boldy. Dünýä kubogy, dalaşgärler ýaryşyna saýlama tapgyr hökmünde hyzmat edýär – onuň ýeňijisi dünýä çempiony diýen ada eýe bolmak üçin oýun oýnaýar.
Belläp geçsek, FIDE-niň erkekleriň arasyndaky dünýä kubogy 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabry 27-nji noýabry aralygynda geçiriler (geçiriljek ýeri anyklanýar). Oňa Türkmenistandan erkekleriň milli ýygyndysynyň öňdebaryjy küştçisi, halkara grossmeýster Saparmyrat Atabaýew wekilçilik eder. Oňa gatnaşmaklygy, Budapeştde geçirilen 2024-nji ýylda geçirilen küşt olimpiadasynda erkekler toparynyň gazanan ajaýyp üstünliginiň netijesinde mümkin boldy, bu ýerde topar “B” kategoriýasynda “kiçi altyn” gazandy we umumy sanawda 24-nji ýeri eýeledi.
2015-nji ýylda Bakuda (Azerbaýjan) geçirilen erkekleriň arasyndaky dünýä kubogynda halkara grossmeýster Ýusup Atabaýew Türkmenistana eýýäm wekilçilik etdipdi. Birinji tapgyrda täsir galdyryjy oýun görkezdi hem-de dartgynly taý-breýkden soň (umumy hasap 3:5) küştiň rapid görnüşi boýunça dünýäniň üç gezek çempiony, russiýaly grossmeýster Aleksandr Grişukdan asgyn geldi.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasy öz türgenlerine buýsanýar we Läle Şöhradowanyň Batumide ýeňiş gazanmagyny, Saparmyrat Atabaýewiň bolsa noýabr aýynda geçiriljek dünýä kubogyna üstünlikli taýýarlanmagyny arzuw edýär. Siziň üstünlikleriňiz – Türkmenistanyň küşt mekdebiniň ösüşinde täze tapgyrdyr!
ORIENT