ABŞ-da Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
04.10.2023 | 16:09 |23-24-nji oktýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler.
Albukerke – bu ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynynda ýerleşip, ol 1990-njy ýyldan bäri Aşgabat şäheri bilen doganlyk şäherdir. Türkmen aýdymçylary we sazandalary bu ýerde baýramçylyk konsertini, döredijilik adamlary bolsa, milli gymmatlyklary özünde jemleýän dürli medeni çäreleri gurarlar.
Medeniýet günlerini geçirmek barada ylalaşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen ABŞ-nyň Nýu-Meksiko uniwersitetiniň arasynda göni wideoargatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylypdy. Çäräniň çäklerinde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşmak göz öňünde tutulýar.
ORIENT news