Iň täze habarlar

Türkmenistanyň serhet instituty 2023-2024-nji okuw ýyly üçin kabul edişligi yglan edýär

26.12.2022 | 21:24
Türkmenistanyň serhet instituty 2023-2024-nji okuw ýyly üçin kabul edişligi yglan edýär

Türkmenistanyň serhet instituty 2023-2024-nji okuw ýylynda Döwlet serhet gullugynyň hünärmenlerini taýýarlamak üçin kabul edişligi yglan edýär – diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ýaşy 24-den uly bolmadyk, orta bilimli we çagyryş boýunça harby gullugy geçen oglanlar, şeýle hem ýaşy 25-den geçmedik Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen mekdepleriniň uçurymlary, şeýle hem HG-iň hataryny doldurmaga isleg bildirýän gyzlar dalaşgär bolup bilerler.

Resminamalary kabul etmek we okuw orunlaryna bäsleşik 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli geçer.

Zerur bolan resminamalar:

-Institutyň rektorynyň adyna arza, -
-şahsy maglumat we terjimehal, -
-maşgala ýagdaýy barada kepilnama, -
-ata-enäniň iş ýerinden kepilnama, -
-ata-enäniň haýsy hem bolsa biriniň ölümi hakda kepilnama (eger-de bar bolsa), -
-soňky iş ýerinden ýa-da gulluk eden ýerinden häsiýetnama, -
-saglygy hakda kepilnama, -
-pasport, -
-harby bilet, -
-zähmet depderçesi (eger bar bolsa), -
-orta bilim hakynda attestat, -
-9x12 ölçegde 1 sany we 3x4 ölçegde 9 sany surat.

Synaglar “türkmen dili”, “Türkmenistanyň taryhy” we “matematika” derslerinden bolar. Synaglar döwlet dilinde geçiriler.

Salgy: Aşgabat şäheri, S. Türkmenbaşy şaýoly, jaý 175. Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-49-60, 40-49-61, 40-49-26.

ORIENT habarlar
Surat: serhetabat-dovletabat.gov.tm