Türkmenistan Bahreýniň raýatlaryny Eýrandan ewakuasiýa etmäge ýardam berýär
19.06.2025 | 03:20 |Türkmenistan, Eýrandandaky Bahreýn Patyşalygynyň raýatlaryny ewakuasiýa etmek, öz watanyna gaýdyp barmaklary üçin öz çäginden rahat we howpsuz geçmegi üpjün etmek üçin ynsanperwer işlere gatnaşmaga doly taýýardygyny mälim etdi.
Bu 17-nji iýunda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bahreýniň Daşary işler ministri Abdullatif bin Raşid Al Zaýaniniň arasynda geçirilen telefon arkaly şöhbetdeşligiň esasy temasy boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli taraplaryny, şeýle hem ýokarda agzalan ewakuasiýany ýeňilleşdirmek üçin özara gatnaşyklaryň we bilelikdäki tagallary utgaşdyrmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Meredow öz ýurdunyň ähli päsgelçilikleri ýeňip geçmäge we Eýrandaky Bahreýniň raýatlary üçin Türkmenistana girişi ýeňilleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem, Türkmenistaniň çäginde rahatlygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de Bahreýn Patyşalygyna päsgelçiliksiz gitmek üçin ähli zerur çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy.
Öz gezeginde Bahreýniň Daşary işler ministri şeýle asylly we dessin wezipesi üçin Türkmenistana çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Bu hereketiň, iki ýurdy baglanyşdyrýan ýakyn gatnaşyklaryň çuňlugyny we güýjüni görkezýändigini aýdyp, Türkmenistana we onuň halkyna howpsuzlyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi diýip, Bahreýniň DIM-i habar berýär.
ORIENT