Iň täze habarlar

Amerikan Geňeşleri Marydaky Amerikan burçunyň işlerini alyp barjak utgaşdyryjyny gözleýär

28.12.2022 | 20:50
Amerikan Geňeşleri Marydaky Amerikan burçunyň işlerini alyp barjak utgaşdyryjyny gözleýär

Amerikan Geňeşleri Mary şäherindäki Amerikan burçunyň işlerini alyp barjak utgaşdyryjynyň iş ornunyň döredilýändigini yglan etdi. Bu barada guramanyň saýty habar berýär.

Bu iş taslamalary durmuşa geçirmekde tejribesi bolanlara we çylşyrymly iş gurşawyna tiz uýgunlaşýanlara gabat gelýändir.

Utgaşdyryjy welaýatdaky uçurymlaryň we meýletinçilik işiniň sazlaşykly ýola goýulmagyna jogap bermeli, olar bilen dürli taslamalaryň üstünde işlemeli, uçurymlar bilen hemişe aragatnaşyk saklamalydyrlar. Ol şeýle hem Aşgabatdaky utgaşdyryja hödürlemek üçin her aýda uçurymlaryň alyp barýan işleri barada hasabatlary düzýär, Amerikan burçunyň iş dolandyryjysyna we EdUSA maslahatçysyna her aýda geçirilmeli çäreleriň senenama sanawyny düzmekde kömek edýär.

Dalaşgärler türkmen, rus we iňlis dillerinde dilden we ýazmaça gürleşip bilmek ukyplaryna eýe bolmalydyrlar, ABŞ-nyň medeniýetini we ýokary bilim ulgamyny gowy bilmelidirler (oňa gatnaşyp, tejribesi bolanlar tapawutlandyrylar). Olar şeýle hem ýokary derejede guramaçylykly, döredijilikli, başlangyçlar bilen çykyş edýän, kärdeşlerini höweslendirmäge we ruhlandyrmaga ukyply bolmalydyrlar. Onlaýn we sanly tehnologiýalar bilen, taslamalary guramak we uçurymlar bilen işleşmek boýunça iş tejribesiniň bolmagy makul bilinýär.

Ýüz tutmalar 2023-nji ýylyň 2-nji ýanwaryna çenli aşakdaky elektron poçtanyň üsti kabul edilýär: jobs@americancouncilstm.org we acmanager@americancouncilstm.org hatyň temasynda “Mary şäherindäki Amerikan burçunyň utgaşdyryjysy wezipesine” diýip ýazmaly.

Gerekli resminamalaryň sanawynda – rezýume (terjimehal); bu wezipäni saýlamaga nämäniň höweslendirendigini beýan edýän hat we garaşylýan aýlyk haky, şeýle hem Türkmenistanda ýerine ýetirilen öňki taslamalaryň sanawy görkezilmelidir.

Maglumat almak üçin şu telefon belgisine ýüz tutuň (993-65) 50-20-36 ýa-da aşakdaky saýta giriň http://americancouncilstm.org/

ORIENT habarlar
Surat: ru.pinterest.com