Iň täze habarlar

7-nji ýanwarda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi bolar

29.12.2022 | 16:56
7-nji ýanwarda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi bolar

2023-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar.

Oňa Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgärleri, şeýle hem Aşgabat şäheriniň adwokatlar kollegiýasynyň agzalary gatnaşarlar.

Kabul edişlik 9:30-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda – Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolynyň 150-nji jaýynda geçiriler. Maglumatlar üçin telefon belgileri: 39-19-20; 39-19-21.

Surat: castingcraft.ru