Iň täze habarlar

Türkmenistanyň ştrih-kodlar baradaky milli guramasy dizaýner gözleýär

07.01.2023 | 16:55
Türkmenistanyň ştrih-kodlar baradaky milli guramasy dizaýner gözleýär

Türkmenistanyň ştrih-kodlar baradaky milli guramasy dizaýner iş ornuny yglan edýär. Onuň jogapkärçiligine gaplaryň, wizitkalaryň, mahabat kitapçalaryň, žurnallaryň dizaýnyny işläp düzmek, şeýle hem «Brendbuky» işläp düzmek, web-dizaýny döretmek, şol sanda saýtlaryň sahypalaryny, bannerleri, söwda we haryt nyşanlaryny döretmek girýär.

Dizaýneriň bu ugurdan iş tejribesi bolmaly, Corel Draw‚ Adobe Illustrator‚ Adobe Photoshop‚ Adobe InDesign redaktorlaryndan kämil derejede baş çykarmaly, şeýle hem her hili şekil basmalaryň taslamasyna bolan tehniki talaplary bilmeli. Iňlis dilini bilmegi (başlangyç derejede) we AutoCAD, SketchUp, 3ds Max programmalary bilen işläp bilýänligi artykmaçlyk diýlip hasap ediler.

Surat: monitorbank.ru