Iň täze habarlar

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy iş ornuny yglan etdi

07.01.2023 | 17:46
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy iş ornuny yglan etdi

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy köp görkezijiler boýunça Klaster barlagyny (MICS) geçirmek boýunça Şahsy milli maslahatçy wezipesine boş iş ornuny yglan etdi.

Çaganyň hukuklarynyň Monitoringi we bahalandyrmasy boýunça Hünärmeniň ýolbaşçylygynda, Milli maslahatçy Türkmenistandaky ÝUNISEF-e ýurtda MICS barlagyna taýýarlanmak we ony geçirmek boýunça maslahatlary berer. Ol şeýle hem MICS prosesine tehniki kömek bermek boýunçaÝUNISEF tarapyndan işe alnan beýleki maslahatçylaryň işiniň utgaşdyrylmagyna jogap berer.

Maslahatçy barlag topary, gyzyklanýan taraplar, şeýle hem ýolbaşçylyk edýän we tehniki komitet bilen ýakyn aragatnaşykda işlär, barlagy geçirmek bilen baglanyşykly çärelerde ÝUNISEF-iň işine wekilçilik eder. Ol şeýle hem ÝUNISEF-iň sebitleýin bölümi bilen özara gatnaşykda bolar.

Ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky möhleti – 2023-nji ýylyň 17-nji ýanwary.

Bu barada anyk maglumatlary şu saýtdan öwrenip bilrsiňiz jobs.unicef.org

Surat: yandex.ru