PETRONAS-yň Türkmenistandaky wekilhanasy lukman wezipesine işe çagyrýar
10.01.2023 | 14:52PETRONAS Carigali Sdn Bhd kompaniýasynyňTürkmenistandaky wekilhanasy Gyýanly şäherçesindelukmanyň wezipe iş ornunyň açylandygyny habar berýär.
Dalaşgärleriň lukmançylyk ugry boýunça ýokary bilimi, reanimatolog hökmünde terapiýa bölüminde iş tejribesi bolmalydyr. Şeýle hem dalaşgärler iňlis we rus dillerini gepleşikde we ýazmaça erkin bilmelidirler. Ofis programmalaryndan baş çykarmak artykmaçlyk hasap ediler.
Ýüz tutmalar tabşyrylanda anketany hem doldurmaly, ony PETRONAS Carigali Sdn Bhd kompaniýasynyň şu salgydaky Aşgabatdaky edarasyndan alyp bolýar: Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, jaý 81 (blok B).
Doldurylan anketalary şu bildiriş çap edilenden soň bir hepdeden gijä galman kompaniýa tabşyrmaly ýa-da şu elektron salga ugratmaly: recruitment.tm@ petronas.com.my. Şeýle hem familiýaňyzy, adyňyzy, ataňyzyň adyny we işlemek üçin tabşyrýan wezipaňizi görkezmeli.
Surat: vedtver.ru