Iň täze habarlar

21-nji ýanwarda Aşgabatda raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişlik bolar

13.01.2023 | 16:16
21-nji ýanwarda Aşgabatda raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişlik bolar

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişligi bolar.

Oňa Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgärleri, şeýle hem Aşgabat şäheriniň adwokatlar kollegiýasynyň agzalary gatnaşarlar.

Kabul edişlik Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli geçiriler, salgysy – Aşgabat şäher, Arçabil şaýoly, jaý 150.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-19-20; 39-19-21.