Iň täze habarlar

«Halkara Audit» okuw merkezi buhgalterler üçin okuw geçirer

13.01.2023 | 16:25
«Halkara Audit» okuw merkezi buhgalterler üçin okuw geçirer

«Halkara audit» okuw merkezi baş buhgalterleri, maliýeçileri, ykdysatçylary, salgyt maslahatçylaryny, şeýe hem telekeçileri esasy serişdeleriň hasabatlylygyndaky üýtgetmeler boýunça okuw-seminaryna çagyrýar.

Okuwyň dowamynda esasy serişdeleriň hasabatlygyndaky we salgyt kadalaryndaky üýtgetmeler, buhgalterçilik we salgyt hasabatlygynda esasy serişdeleri hasapdan çykarmagyň täze düzgünler ýaly meselelere serediler. Gatnaşyjylar şeýe hem esasy serişdeleriň kärendesini we lizingini nähili ýöredilmelidigini, şeýle hem olary gaýtadan bahalandyrmagy öwrenerler.

Senesi we wagty: 31-nji ýanwar, 17:00-da

Ýeri: Aşgabat ş, Andalyp köçesi, jaý 76 (4-nji gat).

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99362 88 96 79; + 993 12 47-28-62