Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň instituty 2023-2024-nji okuw ýyly üçin kabul edişligiň başlanýandygyny yglan etdi
14.01.2023 | 23:04Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby instituty 2023-2024-nji okuw ýyly üçin kabul edişligiň başlanýandygyny habar berýär.
24 ýaşyna ýetmedik, orta bilimi bolan, Türkmenistanyň HG-nyň hatarlarynda gulluk eden ýa-da 25 ýaşyna ýetmedik Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen mekdepleriniň uçurymlary harby ýokary okuw jaýynyň talyplary bolup bilerler. Okuwyň möhleti 5 ýyl.
Dalaşgärler ýerli harby wekilligiň harby komissarynyň adyna 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza bermelidirler, şeýle hem şu resminamalary tabşyrmalydyrlar:
1) Dalaşgäriň ene-atasynyň onuň harby gullukçy bolmagyna razydygy baradaky ýazmaça tassyklamasy (eger-de ene-atasy Türkmenistanyň çäginde ýaşamaýan bolsa, degişli resminamany Döwlet migrasiýa gullugy berýär); 2) Türkmenistanyň raýatynyň pasporty (resminamanyň ýok bolan halatynda IIM-niň pasport stolunda ýörite kepilnama berilýär); 3) Daşary ýurt üçin pasporty; 4) Harby wekillik tarapyndan tassyklanan anketa ýa-da terjimehal, şeýle hem saýlanyp alnan hünäriniň kartasy; 5) Harby bileti; 6) Çaganyň dogulandygy hakynda şahadatnama, nika hakynda şahadatnama ýa-da nikanyň bozulandygy hakyndaky şahadatnama (eger-de bar bolsa); 7) Saglyk depderçesi we ýazgyda duran ýerinden saglyk ýagdaýy hakynda kepilnama; 8) Soňky iş ýerinden/ okuwyndan kepilnama; 9) Maşgala ýagdaýy barada maglumat; 10) Ene-atasynyň iş ýerinden kepilnama (eger-de enesi ýa-da atasy işlemeýän bolsa, onuň şäherdäki, etrapdaky, etrap hukukly şäherdäki harby wekillikden arzasy bolmaly; 11) Zähmet depderçesi (eger-de bar bolsa); 12) Bilimi hakynda diplom (attestat); 13) 16 ýaşyna ýeten ýakyn garyndaşlarynyň kazyýet jogapkärçiligine çekilmändigi barada maglumat (IIM-niň Maglumatlar merkezinde berilýär); 14) Harby wekillikden synaglara girmek üçin ugrukdyrma; 15) 9х12 ölçegde 1 surat, 4х6 ölçegde 4 surat, 3х4 ölçegde 10 surat; 16) Ýakyn garyndaşlarynyň ölümi barada kepilnama, ene-atasynyň aýrylyşandygy barada kepilnama (eger-de bar bolsa);
Ähli berlen resminamalar nusgalary bilen bile tabşyrylmalydyr.
Giriş synaglary «Matematika», «Fizika» we «Türkmenistanyň taryhy» derslerinden döwlet dilinde geçirilýär.
Synaglary üstünlikli tabşyran dalaşgärler umumy ýaşaýyş jaýynda otag bilen üpjün ediler, institutyň harby lybasy, gerekli serişdeler we öz wagtynda tölenýän talyp haklary bilen üpjün ediler.
ORIENT habarlar