ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy iňlis dilindäki açyk onlaýn-kurslara çagyrýar
17.01.2023 | 23:34Iňlis dilinde ýokary hilli bilim almak üçin açyk köpçülikleýin onlaýn-kurslara ýazylyşyk dowam edýär. Islendik adam – mugallymlar, dürli ugurdan bolan hünärmenler, bütin dünýäden talyplar we belli bir ugurdan iňlis dili bilimini gowulandyrmak isleýänler tölegsiz okuw geçip bilerler.
Ýazylyşyk 2023-nji ýylyň martyna çenli açykdyr.
Köpçülikleýin açyk onlaýn-kurslar (MOOK) – bu ugurda ýokary gitmek, kolleje girmek üçin taýýarlanmakda goşmaça bilim almak üçin, şeýle hem okuwyny korporatiw görnüşde elektron geçmek üçin täze başarnyklary özleşdirmegiň elýeterli we çeýe usulydyr. Kurslaryň käbiriniň dowamlylygy 5 hepdä çekýär, käbirleri has köpdür.
Hususan-da, işewürlik we telekeçilik, žurnalistika, media sowatlylygy, hünär ugry boýunça ösüş üçin kurslar elýeterdir, şeýle hem STEM ugrundan (tebigy ylymlar, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) okamak elýeterdir.
Bütin dünýäde millionlarça adamlar MOOK-dan okuw kursuny geçýärler. Okuwy tamamlanlara degişli şahadatnama gowşurylýar.
Okuw hakynda maglumatlary almak we oňa arza bilen ýüz tutmak üçin salgylanmany resmi saýtdan tapyp bolýar Open english.