Welaýat gazetiniň reaksiýasy döredijilik bäsleşigini yglan etdi
20.01.2023 | 18:40«Türkmen gündogary» welaýat gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň welaýat birleşigi bilen bilelikde «Ýaşlaryň bagtyýarlygy - Watanymyzyň buýsanjy» atly döredijilik bäsleşigini geçirýär.
Bäsleşik Türkmenistanda 2023-nji ýylyň «Arkadagly Bagtly ýaşlar» şygaryna bagyşlanandyr we jemgyýetçiligi türkmen ýaşlarynyň bähbidi üçin geçirilýän üýtgedip gurmalar bilen tanyşdyrmaga, olaryň telekeçilik başarnyklaryny höweslendirmäge gönükdirilendir. Döredijiligi halaýan, onuň bilen baglanyşykly islendik adam oňa gatnaşyp biler.
Bäsleşige ugradylýan makalalar, hekaýalar we goşgular döwletiň ýaş nesil baradaky aladasyny beýan etmelidir, ýaşlaryň öz pikirlerini durmuşa geçirýän has zehinli wekilleri barada gürrüň bermelidir.
Işleri 2023-nji ýylyň 25-nji dekabryna çenli neşiriň elektron poçtasyna (turkmengundogary-gazeti@online.tm) ýa-da şu salgyda ýerleşýän gazetiň redaksiýasyna ugratmaly: Türkmenabat şäheri, S.A. Nyýazow köçesi, jaý 2.
Bäsleşigiň netijleri 2024-nji ýylyň öňüsyrasynda jemlener. Iň gowy işler «Türkmen gündogary» gazetiniň sahypalarynda çap ediler.