Iň täze habarlar

Nury Halmämmedowa bagyşlanan sahna oýny ilkinji gezek görkeziler

25.10.2023 | 17:12 |
 Nury Halmämmedowa bagyşlanan sahna oýny ilkinji gezek görkeziler

28 – 29-njy oktýabrda Aşgabat şäherindäki Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň ýubileý ýyllygy mynasybetli onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan “Köňül tary” atly sahna oýny görkeziler. Sahna oýny Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli “Mukama siňen ömür” atly festiwalyň çäklerinde ilkinji gezek görkeziler.

Täze sahna eseri Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, režissýor Bilbil Mämedowyň ýolbaşçylygynda sahnalaşdyrylypdyr. Ol ussat kompozitoryň dosty we işdeşidir. Onuň edebi esasynda Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň we Söhbet Serbazowyň adybir pýesasy ýatyr.

Nury Halmämmedowyň ömrüne bagyşlanan sahna eseri ilkinji gezek türkmen dilinde sahnalaşdyrylar. “Köňül tary” ady bilen A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynda sahnalaşdyrylan oýun geçen ýylyň ýazynda milli teatr festiwalynda baýraga mynasyp boldy we heniz hem sahnadan düşmän gelýär.

Sahna eseri kompozitoryň saz eserleri bilen utgaşyp, onda dürli pähimler hem beýa ediler. Nury Halmämmedowyň keşbini Perhat Sallandyýew, Gurbannazar Ezizowyň keşbini Süleýman Eminow, Atageldi Garýagdyýewiň keşbini hem Şirgeldi Saparow janlandyrýar.

ORIENT news

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: