Iň täze habarlar

Eýran, 2026-njy ýylda Hazarýaka döwletleriniň sammitiniň geçiriljekdigi barada habar berdi

12.08.2025 | 18:25 |
 Eýran, 2026-njy ýylda Hazarýaka döwletleriniň sammitiniň geçiriljekdigi barada habar berdi

Eýran 2026-njy ýylyň awgust aýynda VII Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirer. Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Halkara Hazar güni mynasybetli Türkmenbaşy şäherinde geçirilen “Hazar deňzi – parahatçylygyň we dostlugyň deňzi” atly maslahatynda eden çykyşynda mälim etdi.

“Eýran Yslam Respublikasynyň 2026-njy ýylyň awgust aýynda VII Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirjekdigini habar bermekden hoşal. Halkara Hazar deňzi güni we Tähran konwensiýasynyň güýje girmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Tähranda Hazarýaka döwletleriniň Prezidentlerini buýsanç bilen garşylamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diplomatyň sözlerini TASS beýan edýär.

Mundan başga-da, Eýranyň ilçisi 2025-nji ýylda Hazar deňziniň kenarýaka sebitleriniň döwlet ýolbaşçylarynyň ilkinji halkara duşuşygyny geçirmek bardaky maksatnamany yglan etdi. Bu başlangyjyň maksady – dialog we tejribe alyşmak üçin durnukly meýdançany döretmek, ykdysady we sebit diplomatiýasyny pugtalandyrmakdan hem-de serhetýaka hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini kesgitlemekden ybaratdyr.

Ruzbehaniniň bellemegine görä, bu duşuşyk söwda, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we ulag ulgamyndaky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar. Çakylyk we çäräniň maksatnamasy ýakyn wagtda ähli Hazarýaka ýurtlaryna iberilmegi meýilleşdirilýär.

ORIENT

Foto: istock

Şeýle hem okaň: