"Open Central Asia Magazine" halkara žurnalynyň täze sany Magtymgula bagyşlandy
30.10.2023 | 16:57 |Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň 8-sinde çap edilýän "Open Central Asia Magazine" halkara žurnalynyň täze sany türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy.
Žurnalyň ilkinji sahypasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan Hatyja Döwletnazarowanyň iňlis dilinde ýazan "Magtymguly Pyragy bilim esaslaryny goýujydyr" atly makala bilen açylýar.
Makalada beýik şahryryň öňde boljak 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljke çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň berilýär. Mundan daşary, okyjylar türkmen şahyrynyň döredijiliginiň esasy ugurlary bilen tanşyp bilerler.
"Open Central Asia Magazine" halkara žurnaly ozalky sowet ýurtlary giňişliginde iňlis dilinde çap edilýän iň ýörgünli neşirleriň biridir. Ol Beýik Britaniýanyň "Hertfordshire Press" neşirýaty tarapyndan çap edilip Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna ýaýradylýar.
ORIENT news