Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti Albukerke şäheriniň häkimi bilen duşuşdy

25.10.2023 | 17:20 |
 Türkmen wekiliýeti Albukerke şäheriniň häkimi bilen duşuşdy

Öz ýurdunyň medeniýetini Aşgabadyň Amerikan dogan şäherinde görkezýän türkmen wekiliýeti sişenbe güni şäheriň häkimi Timoti Kelleriň ýolbaşçylygyndaky ýerli häkimligiň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar Aşgabat bilen Albukerkäniň arasynda bilim, işewürlik, medeniýet, taryh we beýlekiler ýaly hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar. Munuň bilen birlikde, innowasiýa we ekologiýa taýdan arassa ýaşaýyş gurşawyny guramak üçin öňdebaryjy model hökmünde täze Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dolandyryşyň wekilleri gyzyklanma bildirip, bu şähere baryp görmek isleýändiklerini habar berdiler diýip, türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

2 (2).jpg

Şol gün, 24-nji oktýabrda «Kiwa Auditorium» sergi zalynda milli türkmen eşikleriň, portretleriň we beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň, türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalarynyň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.

Türkmen Medeniýet günleriniň jemleýji gününde «Kiwa Auditorium» konsert zalynda artistleriň çykyşy geçirildi. Oňa Albukerke şäher häkimliginiň, dogan şäherleriň gaznasynyň, Nýu-Meksiko uniwersitetiniň, döredijilik intelligensiýasynyň we jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem ABŞ-nyň uniwersitetlerinde okaýan türkmen talyplary ýygnandylar.

3 (1).jpg

Konsertiň açylyşynda Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazow Arkadag şäheri barada gürrüň berip, onuň wideoşekilleri bilen tanyşdyrdy.

Soňra Türkmenistandan saz, tans toparlarynyň we aýdymçylarynyň gatnaşmagynda öwüşgünli çykyş boldy. Jemleýji konsertiň maksatnamasyna milli -saz klassiklerinden kompozisiýalar, folklor çykyşlary we Magtymguly Pyragynyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşgularyna ýazylan aýdymlar girdi.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: