Türkmen gurjak teatry çagalara sowgat edip «Aladdin» ertekisini sahnalaşdyrar
25.10.2023 | 17:51 |Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň ilkinji görkezilşi taýýarlanýan täze erteki sahnasy, eline jadyly çyra düşen batyr we ugur tapyjy Aladdiniň başdan geçirmeleri barada gürrüň berer.
Ýaş tomaşaçylar, pukara Aladdiniň çyranyň eýesi bolup, nädip bagt tapandygyny we zalym wezir Jafaryň bolsa islegleriniň gulyna öwrülendigini öwrenerler. Gadymy gündogar ertekisi esasynda goýlan «Aladdin» sahnasy, jynyň nämäni arzuw edýändigi we buýruklary nädip ýerine ýetirýändigi, gahrymanyň owadan şa gyzynyň ýüregini nädip gazanjakdygyny gürrüň berer.
Sahnanyň režissýory Geldimyrat Almammedow. Sahnadaky gurjaklar artistler M.Haýdarow, O.Bäşimowa, G. Mammetgulýewa, Ş.Ataýewa bilen bilelikde hereket eder we gürlärler.
Sanhanyň ilkinji görkezilşi ýakyn wagtda bolar.
ORIENT news