Iň täze habarlar

Türkmen estradasynyň wekili "Kazanda Gündogar bazary" festiwalynda çykyş etdiler

28.10.2023 | 13:40 |
 Türkmen estradasynyň wekili "Kazanda Gündogar bazary" festiwalynda çykyş etdiler

Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň merkezi şäherinde "Kazanda Gündogar bazary" atly türki halklaryň estradasynyň halkara festiwalynyň baýramçylyk konsertinde çykyş etdi. Kazanyň "Piramida" medeni-dynç alyş merkeziniň sahnasynda geçirilen baýramçylyk konsertinde dünýäniň 25 döwletiniň medeniýet işgärleri çykyş etdiler.

Bu ýerde guralan uly baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň Halk artisti Züleýha Kakaýewa we "Galkynyş" folklor tans toparynyň tansçylary çykyş edip, konserte gatnaşan myhmanlarda ýatdan çykmajak şowhuny döretdi diýip, Tatarystanyň metbugaty ýazýar.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow festiwala gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda bu medeni çäräniň türki we gündogar dünýäsiniň halklarynyň arasyndaky ýakynlygy has-da berkitmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

ORIENT news

Foto: business-gazeta.ru

Şeýle hem okaň: