Russiýanyň köp şäherlerinde Magtymgulynyň şanly senesi bellenilýär
17.05.2024 | 22:13 |Russiýanyň köp şäherlerinde türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirilýär. Bu sene bilen baglanyşykly Moskwada, Sankt-Peterburgda, Kazanda, Astrahanda, Woronežde we Russiýanyň beýleki şäherlerinde konsertler, tegelek stollar, edebi we poeziýa agşamlary, talyplar üçin leksiýalar we film görkezilişleri geçirilýär diýip Russiýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew türkmen şahyrynyň we filosofynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatda belläp geçdi.
“Muňa mysal edip Astrahan sebitinde Magtymgulynyň ýädigärligi otyrdyldy, Stawropol ülkesinde hem şahyryň ýädigärligi açyldy... Şu ýyl Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň teklibi bilen Magtymgulynyň heýkelini açmak meýilleşdirilýär” diýip Russiýanyň medeniýet ministriniň orunbasary belledi.
10-njy aprelde Moskwadaky M. I. Rudomino adyndaky daşary ýurt edebiýat kitaphanasynda geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahata hut özüniň gatnaşandygyny aýtdy. "Şahyryň zehinine hormat goýmak üçin gelen myhmanlaryň, şol sanda daşary ýurtly myhmanlaryň sany meni diýseň geň galdyrdy” diýip Malyşewiň sözlerine salgylanyp TASS habar berýär.
XX asyrda Magtymgulynyň eseri ajaýyp sowet şahyrydyr-terjimeçilerini, esasanam Georgi Şengeli, Mark Tarlowskiý we Naum Grebnewi özüne çekdi. Magtymgulynyň ajaýyp goşgularynyň köpüsi, belli şahyr we terjimeçi Andreý Tarkowskiý tarapyndan rus diline terjime edildi, dünýä belli kino režissýory Arseniý Tarkowskiniň kömegi bilen rus diline Magtymgulynyň goşgulary ýaňlandy. Rus okyjysy üçin Magtymguly Pyragy Nekrasow ýa-da Blok ýaly ýakyn, şonuň üçin onuň şanly senesi biziň ýurdumyzda giňden bellenilýär " diýip Malyşew öz çykyşynda belläp geçdi.
ORIENT news