Iň täze habarlar

Buharada Magtymguly hakynda özbek-türkmen filminiň surata düşüriljek ýerleri kesgitlenildi

20.05.2024 | 00:40 |
 Buharada Magtymguly hakynda özbek-türkmen filminiň surata düşüriljek ýerleri kesgitlenildi

Özbegistanda Magtymguly Pyragy hakynda çeper filmiň surata düşürilmegine taýýarlyk görülýär. Filme meşhur özbek kinematografçysy Muzaffarhan Erkinow režissýorlyk eder.

Filmi döredijiler Buhara baryp, ýerler bilen tanyşdylar. Hususan-da, olar Gögeldaş, Nedir Dewonbegi, Ulugbegiň, Abdulaziz Hanyň medreselerine, Minarai Kalona, Masjidi Kalona, Mir Arab medresesine, Çor Bakr toplumyna baryp gördüler we surata düşüriljek ýerleri saýladylar diýip, özbek köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Buharadan başga-da, surata düşüriş işleri Özbegistanyň Hywa şäherinde, şahyryň Sumbar jülgesindäki Watanynda, häzirki wagtda Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Magtymgulynyň (öňki Garrygala) adyny göterýän etrapda alnyp barlar. Bilelikdäki film toparynyň özbek agzalarynyň ýakyn wagtda Türkmenistana gelmegine garaşylýar. Kinofilmiň baş gahrymanynyň keşbini türkmen aktýory janlandyrar.

Özbegistandan we Türkmenistandan kinematografçylaryň hyzmatdaşlygynda döwlet buýrugy esasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çeper filmiň döredilmegi Prezident Şawkat Mirziýoýewiň beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Karary bilen göz öňünde tutulýar.

ORIENT news

Foto: uzbkino

Şeýle hem okaň: