Iň täze habarlar

Türkmenistanyñ milli ýygyndysynyñ ýarym goragçysy Teýmur Çaryýew 2024-Gyrgyzystanyñ Suberkubogyny eýeledi

21.10.2024 | 23:55 |
 Türkmenistanyñ milli ýygyndysynyñ ýarym goragçysy Teýmur Çaryýew 2024-Gyrgyzystanyñ Suberkubogyny eýeledi

Türkmen milli ýygyndysynyñ ýarym goragçysy Teýmur Çaryýew "Abdyş- Ata" futbol klubynyñ düzüminde 2024-Gyrgyzystanyñ Suberkubogynyñ eýesi boldy.

Abraýly baýrak ugrundaky duşuşyk 20-nji oktýabrda Bişkekde geçirilip, ýurduñ häzirki çempiony Kantly "Abdyş-Ata" Gyrgyzystanyñ Kubogynyñ eýesi Jalal-Abadly "Muras Ýunaýted" bilen duşuşdy.

Duşuşyk 1:0 hasabynda "Abdyş-Atanyñ" ýeñişi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýekeje topy 25-nji minutda Žyrgalbek uulu Kaýrat geçirmäni başardy. Teýmur Çaryýew oýnuñ ilkinji minutlaryndan meýdança çykyp, toparyna baýragy eýelemäge kömek etdi.

Суперкубок наш (1).jpg

Teýmur Çaryýew 23 ýaşynda. Ol 11 ýaşynda Mary şäherinde futbol bilen meşgullanyp başlady. Onuñ ilkinji professional kluby "Energetik" bolup, ondan soñra ol "Merw" klubynda çykyş etdi. 2023-nii ýyldan bäri ol "Abdyş-Atanyñ" oýunçysy bolup, özüniñ ilkinji möwsüminde toparyna Gyrgyzystanyñ çempiony adyny almaga kömek etdi.

Şeýle-de Çaryýew Türkmenistanyñ milli futbol ýygyndysynyñ esasy ýarym goragçysydyr.

ORIENT news

Foto: fc_abdyshata

Şeýle hem okaň: