Iň täze habarlar

Le.Travel syýahatçylyk kompaniýasy “Turkmentextile Expo-2025” sergisine gatnaşýar

12.06.2025 | 15:20 |
 Le.Travel syýahatçylyk kompaniýasy “Turkmentextile Expo-2025” sergisine gatnaşýar

Le.Travel syýahatçylyk kompaniýasy häzirki wagtda Aşgabatdaky Sergiler merkezinde geçirilýän halkara “Turkmentextile Expo-2025” sergisine gatnaşýar. Çäräniň çäklerinde kompaniýa Türkmenistana hem-de daşary ýurtlara niýetlenen giň gerimli syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär. Le.Travel Turkmentextile Expo-2025.jpg Le.Travel kompaniýasynyň stendinde sergä gelen myhmanlar dürli ugurlar boýunça syýahatçylyk teklipleri bilen tanyşyp bilerler: Türkmenistanda medeni, taryhy, zyýarat we gezelenç saparlary, şeýle hem türkmen syýahatçylarynyň arasynda meşhur bolan daşary ýurt ugurlary görkezilýär.

Le.Travel Turkmentextile Expo-2025.jpg Sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýratyn gyzyklanma döredýän bölüm – türkmen medeni gymmatlyklaryna bagyşlanan ýer bolup, onda milli durmuş esbaplary, amaly-haşam sungatynyň önümleri we ýurduň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän sowgatlyk harytlar görkezilýär. Le.Travel Turkmentextile Expo-2025.jpg Şeýle-de bellemeli zatlaryň biri, Le.Travel dürli ugurlara niýetlenen syýahat bukjalaryny hödürleýän kompaniýadyr. Ol toparlaýyn hem-de şahsy syýahatçylar üçin hyzmatlaryny ýetirýär. Agentlik wizanyň resmileşdirilmegine goldaw berýär, amatly howa gatnawlaryny saýlamaga kömek edýär hem-de syýahatyň ähli tapgyrlarynda müşderilere hyzmat edip, doly görnüşli syýahatçylyk hyzmatlaryny üpjün edýär. Le.Travel Turkmentextile Expo-2025.jpg Sergi 13-nji iýuna (şol gün hem) çenli dowam eder. Le.Travel kompaniýasy ähli gyzyklanýan myhmanlary stendine gelip, hödürlenýän syýahatlar we hyzmatlar bilen tanyşmaga çagyrýar. Le.Travel Turkmentextile Expo-2025.jpg Habarlaşmak üçin maglumatlar

Telefon belgisi: (+99363)17-55-57

Sosial ulgamlar

TikTok: @le._travel.tm

Instagram: @le.travel.tm

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: