Iň täze habarlar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ylmy taslamalar bäsleşigi geçirildi

05.06.2025 | 15:11 |
 Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ylmy taslamalar bäsleşigi geçirildi

3-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlanan ylmy taslamalar bäsleşigi geçirildi. Çärä uniwersitetiň ylmy işgärleri, ýaş mugallymlary, aspirantlary, magistrantlary we talyplary gatnaşdylar.

Bäsleşige dürli ugurlardan takmynan 100 töweregi taslama hödürlenildi. Olaryň hatarynda maketler, programma üpjünçiligi, täze önümler, web-saýtlary, 3D animasiýalar, şeýle hem dürli enjamlar we gurallar bar.

Ýeňijiler uniwersitetiň kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň diplomlary, hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: