Aşgabatda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
12.06.2025 | 17:15 |Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly maslahatlar zalynda Ylymlar güni mynasybetli ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.
Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa, Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Nurpoladowiç Keriýew hem-de daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy.
Jemi 118 ýeňiji sylaglandy. Ýaş alymlara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ adyndan gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy, bu bolsa döwlet tarapyndan ylma berilýän goldawyň we ýaşlaryň başlangyçlaryny höweslendirmegiň aýdyň beýany boldy.
Dabaranyň dowamynda ähli ýeňijileriň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanynyň bäsleşigiň gatnaşyjylaryna we guramaçylaryna iberen gutlag ýüzlenmesi okaldy.
Çäre Dowletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary tarapyndan taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen tamamlandy.
ORIENT