Täze hasyl – bereketiň alamaty: Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň ekin meýdanlaryna baryp gördi
12.06.2025 | 01:10 |Türkmenistanyň bugdaý meýdanlarynda galla oragyna badalga berildi we 11-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow galla oragynyň depgini bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň bugdaý ekilen meýdanlaryna baryp gördi. Bu sapar döwlet Baştutanynyň oba hojalyk toplumyny ösdürmäge we türkmen daýhanlarynyň abadançylygyna hemişe üns berýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Ir bilen döwlet Baştutany bugdaý meýdanynda geldi, bu ýerde ýurduň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. Kärendeçi daýhan öz yhlasly zähmeti bilen ýetişdiren bugdaý hasylyny ormaga ak pata bermegini haýyş etdip Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlendi. Döwlet Baştutany kärendeçiniň haýyşy boýunça birkemsiz hasyl toplan bugdaýy orup, galla oragyna badalga berdi.
Soňra “John Deere” we “Claas” ýaly dünýä belli kompaniýalaryň häzirki zamanyň kuwwatly tehnikalar hem bereketli hasylyň oragyna girişdiler. Bu kombaýnlar Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we häzirki zamanyň telematik enjamlary bilen üpjün edilen kuwwatly tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow galla kombaýnlarynyň işini synlaýan pursatlarynda ýetişdirilen hasylyň kesgitlenen möhletlerde ýygnalyp alynmagy babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi hem-de ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň örän netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanyna geçen hepde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda, şu gün bolsa Balkan hem Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna girişilendigi barada hasabat berdi. Bu bolsa oragy guramaçylykly geçirmek ugrunda ýokary derejeli taýýarlyk işleriniň alnyp barlandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygyna degişli önümçilik kärhanalarynyň, şol sanda elewatorlaryň, gaýtadan işleýän düzümleriň, suw hojalyk toplumlarynyň netijeli işiniň ýola goýulmalydygyny şeýle hem tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşygy öz wagtynda geçirmelidini nygtady.batda anyk görkezmeleri berdi.
Şu möwsümde ekin meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl berýän — “Arkadag”, “Serdar”, “Pyragy” ýaly täze görnüşleri ekildi. Bu görnüşler türkmen oba hojalygynyň aýratyn buýsanjydyr. Bugdaýyň bu görnüşleri ýokary hasyllylygy, däneleriniň iriligi we köp suw talap etmeýändigi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa täze görnüşleriň bähbitlilik derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.
Iş saparyň çäginde döwlet Baştutany bu ýerde guralan gök-bakja we miwe önümleriniň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, täze hasyldan taýýarlanan çörek we çörek önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem bu ýerde pudaga täze gelip gowşan häzirki zaman tehnikalaryny synlady. Bu bolsa obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi ugrunda edýän yzygiderli tagallasynyň aýdyň netijesidir.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýerli kärendeçi daýhanyň alyp barýan işi, maşgala ýagdaýy we kärendeçiniň alan ýeriniň ululygy, hasyllylygyň derejesi we kärendeçiligi netijeli alyp barmak ugrunda döredilýän şertler bilen gyzyklandy. Döwlet baştutany daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşmegi, oba hojalykçylaryň iş we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada etjekdigini belledi.
Prezident türkmen daýhanlara döwletiň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň asylly iş edýändiklerini, şeýle zähmetsöýer daýhanlaryň tagallasy bilen ýurtda azyk bolçulygynyň berkidilýändigini nygtady.
2025-nji ýylda ýurduň däne öndürijileri 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna azyk bugdaýyny ýygnamagy maksat edinýärler.
ORIENT