Iň täze habarlar

Woven City: Toyota ilkinji akylly şäheri döredýär

12.06.2025 | 15:30 |
 Woven City: Toyota ilkinji akylly şäheri döredýär

Şu ýylyň güýzünde Toyota Woven City-ni açýar. Bu bolsa Fuji dagynyň eteginde ýerleşýän dünýäniñ ilkinji synag görnüşindäki akylly şäherdir. Bu innowasion taslamanyñ maksady — robotlaryñ, awtonom ulaglaryñ we emeli añyñ gündelik durmuş bilen utgaşýan aýratyn gurşawyny döretmekdir.

Sidzuoka prefekturasyndaky öňki zawodyñ ýerinde gurulýan bu ýaşaýyş şäherçesi 175 akr meýdany eýeläp, geljegiň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň synag meýdançasy bolar. Ilkinji ýaşaýjylar hökmünde Toyota kompaniýasynyň takmynan 100 işgäri öz maşgalalary bilen ýerleşdiriler, soňra bu san 2000-e çenli artar.

1

Woven City-de ähli zat öňünden oýlanylyp düzülendir: hereketi e-Palette atly sürüjisiz elektrik ulaglary üpjün eder, ýollar bolsa pyýadalar, welosiped sürüjiler we robotaksi üçin aýratyn bölünendir. Binalar datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr, energiýa wodorod ýangyç elementlerinden we gün panellerinden alnar, suw dolanyşygy we zibil dolandyryş ulgamlary iň ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmek üçin ornaşdyrylandyr. Kömekçi robotlar we emeli anñ tehnologiýalary öý hojalygyny dolandyrar, ýaşaýjylaryň saglygyny gözegçilikde saklar we serişdeleri netijeli ulanmak üçin optimizirlär. Her bir bina we hyzmat ulgamy maglumat ýygnamak hem-de infrastrukturany ösdürmek üçin tor arkaly baglanyşdyrylandyr.

2

Häzirlikçe şäher syýahatçylar üçin ýapykdyr, emma Toyota 2026-njy ýylda Woven City-ni baryp görmek üçin açmagy meýilleşdirýär. Bütin dünýä Woven City-niň hakykata öwrülşine syn edýär.

ORIENT

Foto: Toyota/woven-city

Şeýle hem okaň: