Iň täze habarlar

Hytaýda slanes nebitiň iri känleri ýüze çykaryldy

26.03.2025 | 11:45 |
 Hytaýda slanes nebitiň iri känleri ýüze çykaryldy

Gündogar Hytaýyň Şandun welaýatynda ýerleşýän Hytaýyň Fanýepin-1 nebit käninde 140 mln tonnadan geçýän slanes nebitiň uly gorlary ýüze çykaryldy.

Bu açyş Hytaýyň nebit pudagy üçin möhüm waka boldy. Sebäbi bu tassyklanan gorlary 100 mln tonnadan gowrak slanes nebitiň ilkinji käni bolup, ol HHR-iň Tebigy serişdeler ministrligi tarapyndan hasaba alyndy.

Sinhua agentliginiň habar bermegine görä, bu Şandun welaýatyndaky Şenli nebit känine degişli bolan Sziýan slanes nebitiň milli görkeziş zolagyndaky nebitgaz gözleglerinde hem möhüm öňegidişlik boldy.

Tehniki taýdan mümkin bolan gorlar 11,36 mln tonna möçberinde bahalandyrylýar.

Hytaýyň iri Sinopec nebiti gaýtadan işleýän we nebit-himiýa kompaniýasynyň baş direktorynyň hem-de Shengli Petroleum Administrative Bureau Co., Ltd kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktorynyň kömekçisi Sun Ýunçžuan Şenli känindäki slanes nebitiň göz öňünde tutulýan gorlary şol ýatakda soňky 60-dan gowrak ýylyň dowamynda tapylan adaty nebit we gaz gorlaryna deňdigini aýtdy.

Şenli nebit käni 1961-nji ýylda açylyp, ol 1964-nji ýylda işlenilip başlandy.

Akademikler we bilermenler bu açyşyň Hytaýda slanes nebit senagatynyň mundan beýläk hem ösmegi üçin esas bolup biljekdigini belleýärler. Munuň özi ýurda nebit importyna baglylygy azaltmaga hem-de energetika howpsuzlygyny gowulandyrmaga ýardam berer.

Slanes nebiti, esasan, slanes jynslaryň gatlaklarynda ýerleşýän suwuk uglerodlara degişli bolup, olar gaýtadan işlenilmek üçin çykarylyp bilner.

ORIENT news

Foto: radiosputnik.ru

Şeýle hem okaň: