Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “BND 60/90” kysymly ýol bitumy we “TPP D 30 S” kysymly polipropilen satyn alyndy

27.03.2025 | 08:35 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “BND 60/90” kysymly ýol bitumy we “TPP D 30 S” kysymly polipropilen satyn alyndy

26-njy martda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümleri ýerlenildi.

Owganystanyň, Özbegistanyň we BAE-niň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 2 610 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: