Gazagystan öýjükli aragatnaşyksyz jaň hyzmatyny ýola goýmaga taýýarlanýar
21.10.2025 | 18:00 |2026-njy ýylda Gazagystanda Wi-Fi ulgamy arkaly sesli jaňlary amala aşyrmaga we kabul etmäge mümkinçilik berýän VoWiFi tehnologiýasyny giň möçberde ornaşdyrmak meýilleşdirilýär diýip, aragatnaşyk operatorlarynyň wekilleri hökümet mejlisinde habar berdiler.
Bu tehnologiýa ýaşaýyş jaýlarynyň we ofis binalarynyň içinde öýjükli aragatnaşygyň signaly gowşak bolan ýerleri, ýagny şeýle diýilýän “ak nokatlary” aradan aýyrmaga gönükdirilendir. “Kar-Tel” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýewgeniý Nastradin bu tehnologiýanyň synag taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini belläp, “Geljek ýylda bu tehnologiýa giňden elýeterli bolar” - diýip aýtdy.
Bazara gatnaşyjylarynyň maglumatlaryna görä, ilatyň 99 göteriminiň 4G aragatnaşygy bilen üpjün edilendigine garamazdan, signalyň durnuksyzlygy meselesi henizem bar. Munuň esasy sebäpleri hökmünde şäherlerde binalaryň gaty köp bolmagy we käbir binýatlyk stansiýalaryň sökülmegi görkezilýär.
VoWiFi tehnologiýasyny ornaşdyrmak, ýurduň sanly infrastrukturasyny ösdürmek hem-de aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreleriň bir bölegi hökmünde garalýar.