Iň täze habarlar

WhatsApp näbelli kontaktlara iberilýän habarlara çäklendirme girizýär

20.10.2025 | 18:00 |
 WhatsApp näbelli kontaktlara iberilýän habarlara çäklendirme girizýär

WhatsApp messenjeri islenilmeýän habar iberilmegini we spamy azaltmaga gönükdirilen täze ulgamyny synagdan geçirýär. Platforma, ulanyjylaryň we iş akauntlarynyň jogap gelmedik kontaktlaryna iberip biljek habarlarynyň möçberine çäklendirme girizmegi meýilleşdirýär.

Ilkibaşda WhatsApp diňe şahsy aragatnaşyk üçin döredilipdi, emma wagtyň geçmegi bilen ol işewürleriň köpçülik bilen aragatnaşyk saklamagynyň hem-de jemgyýetleriň işjeňleşmeginiň esasy platformasyna öwrüldi. Bu üýtgeşikligiň netijesinde ulanyjylar has köp islenilmeýän habarlary alýarlar, bu bolsa hakykatdan hem möhüm bildirişleri tapmagy kynlaşdyrýar.

Ýakyn wagtda näbelli kontaktlara iberilýän ähli habarlar täze her aýlyk çäklendirme çägine giriziler.

Möhüm aýratynlyk: bu çäklendirme, ugratýan adam öňki habaryna azyndan bir jogap alanyndan soň aýrylýar. Bu bolsa özara gatnaşygy we manyly gepleşigi höweslendirýär. Messenjer ulanyjylara we kompaniýalara bellenen çägiň golaýyna gelenlerinde duýduryş berer, bu hem hasabyň awtomatiki bloga düşmeginiň öňüni alar.

Täze ulgam, esasan köpçülikleýin habar iberilmegini we spamyň öňüni almak maksady bilen işlenip düzülendir. TechCrunch neşiriniň maglumatyna görä, bu täzelik aragatnaşygy şahsy kontaktlaryň çäginden geçmeýän adaty ulanyjylaryň şahsy aragatnaşyklaryna täsir etmez. Täze düzgünler birnäçe ýurtda ýakyn hepdelerde synag görnüşinde ornaşdyrylmaga başlar.

ORIENT

Foto: overclockers.ru

Şeýle hem okaň: