Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Balkan welaýatyna iş sapary

01.04.2025 | 04:00 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Balkan welaýatyna iş sapary

31-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary başlandy. Bu ýerde Hazar deňziniň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem ýurduň günbatar sebitiniň ösüşi we öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçe ýolbaşçylarynyň gözegçilik edýän düzümlerindäki işler baradaky hasabatlary diňledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna deňiz kenaryny mundan beýläk-de ösdürmek we bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary hödürlenildi. “Awazanyň” ajaýyp künjekde halkara çäreleri geçirmek üçin binalar toplumynyň taslamasyna aýratyn üns berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow binalaryň aýratynlyklary, şeýle hem içki we daşky bezeg işleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Toplumyň ähli zatlar häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm çärelerine iň ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Awazada geçiriljek halkara maslahaty ozal Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň howandarlygynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň özboluşly dowamy boljakdygyny belledi. Taýýarlyk işleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň göz öňünde tutmalydygy nygtaldy we dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi tabşyryldy.

Soňra iş maslahatyny geçirdi. Onda halkara foruma görülýän taýýarlyk şol sanda myhmanlary garşylamak, olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleri bilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Şeýle hem BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň çäklerinde geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara forumlaryň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini nazara alyp, meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk meselelerine möhüm üns berilmelidigini belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Garabogazköl aýlagyna tarap ugrady. Ol ýerde Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda iki gatnawly awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow gurluşyk işleriniň gidişi barada hasabat berdi we köpriniň Türkmenistanyň günbatar we demirgazyk sebitleri, şeýle hem goňşy ýurtlar bilen haryt dolanyşygynyň we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

строится мост через залив гарабогазгол.jpg

Gurbanguly Berdimuhamedow bu desganyň halkara ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem bu köpriniň Türkmenistanyň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagynda goşulyşmagyna we halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde amatly şertleri üpjün etjekdigini belledi.

Ýurduň ýol infrastrukturasynyň ösüşi yklymara gatnawy we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Garabogaz kölüniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde köpriniň ähmiýetini hem belläp geçdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.

ORIENT

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: