3-nji aprelde Samarkand şäherinde ÝB bilen Merkezi Aziýanyñ arasynda ilkinji sammit geçiriler
02.04.2025 | 15:35 |3-nji aprelde Özbegistanyñ Samarkand şäherinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky ilkinji sammit açylýar diýip, Euronews habar berýär.
Ýewropa Komissiýasynyñ başlygy Ursula fon der Lýaýen ÝB-niñ sebit bilen hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak isleýändigi barada aýtdy.
"Ýewropa üçin Merkezi Aziýa saýlanan hyzmatdaşdyr. Sammitde biz söwda aragatnaşyklary çuñlaşdyryp, ulag, möhüm çig-mal, sanly aragatnaşyk, suw serişdeleri we energetika babatda hyzmatdaşlygy giñelderis" - diýip, ol belledi.
Sammitiñ taýýarlyk işleriniñ çäklerinde ýakynda Türkmenistana gelen ÝB-niñ daşary işler boýunça ýokary wekili Kaýa Kallas geçiriljek çäre barada şeýle diýdi: "Bu biziñ gatnaşyklarymyzyñ möhüm pursady bolar. Biz bu sammitiñ üstünlikli geçirilmegine uly ähmiýet berýäris".
Aşgabatda bolup geçen duşuşykda Türkmenistanyñ daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiñ arasyndaky integrirlenen hyzmatdaşlygynyñ Ýewraziýada bolup geçýän wakalaryñ ösüşiniñ möhüm strategiki ugurlarynyñ biri bolup durýandygyny belledi.
ÝB möçberi boýunça sebitiñ söwda hyzmatdaşlarynyñ ikinjisi, şeýle hem iri maýadary bolup durýar.
ORIENT news