Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze halkara howa menziliniň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi
02.04.2025 | 16:30 |1-nji aprelda türkmen halkynyň Milli Lideri Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Balkan welaýatynyň iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşmak üçin Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygynyň çalt depginde dowam edýän ýerine geldi.
Ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň, ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak mümkinçilikleriniň artmagynda möhüm orny eýelejek täze howa menziliniň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesi we täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluş aýratynlyklary, onda ulanylýan serişdeleriň berkligi, uzak möhletleýinligi bilen gyzyklandy. Uçuş-gonuş zolagy şu talaplara, bu ugra degişli ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede gurlupdyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze howa menziliniň ýurdumyzyň dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagynda we ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek bilen bagly wezipeleri çözmekde aýratyn orun eýelejekdigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziline baryp görmeginiň dowamynda uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyryldy. Bu synag gonuşy menziliň uçuş-gonuş zolaklarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze howa menziliniň çäklerinde bar bolan ugurdaş desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, olaryň ýerleşiş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Desgalaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy onuň ähli düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurtda içerki howa gatnawlarynyň yzygiderli artýandygyny belläp, täze howa menziliniň “Mollagara” şypahanasyna dynç almaga we saglygyny berkitmäge gelýänler üçin ýokary derejeli hyzmaty üpjün etjekdigini aýtdy.
Halkara howa menziliniň Jebel şäherçesinde ýerleşmegi bu ýere geljek adamlaryň howa menzilinden seleňläp görünýän şypahana wagt ýitirmän baryp bilmekleri üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurulýan howa menziliniň desgalary we olaryň enjamlaşdyrylyşy boýunça taýýarlanylan şekil taslamalary bilen tanyşdy.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow täze howa menziliniň gurluşygyny, degişli binalaryň aýratynlyklaryny öz içine alýan taslamalar barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu ýerde uçuş-gonuş zolagyndan başga-da, birikdiriji öwrüm ýollary, uçar duralgalarynyň meýdançalary, ýolagçy terminallary, dolandyryş diňi, howa menziliniň barlag-geçiriş bölümleri, halas ediş we ýangyna garşy göreş binalary, tehniki desgalar, suw rezerwuarlary, yşyklandyryş, habar beriş ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmäge niýetlenen desga, radiotehniki ulgamlaryň bekedi, ýük meýdançasy we terminaly ýaly birnäçe ugurdaş desgalar hereket eder.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny nygtap, onuň ýokary hilli bolmagynyň we gurluşyklaryň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Şunda binalary enjamlaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak meselelerine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygynyň depginini has-da ýokarlandyrmak, binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak, täze toplumda hyzmatlaryň ýokary derejesini hödürlemek boýunça kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagta tarap ugrady.
ORIENT