TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 23 geleşik baglaşyldy
14.04.2025 | 14:50 |Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 23 geleşik hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriň, Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” Döwlet konsernleriniň tehnologik desgalarynda işlenilen nebit ýol bitumyny, awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini we esas ýagyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplükleri, portlandsement we buýan köküniň guradylan ekstrakty ýerlenildi. Satyn alyjy-ýurtlar: Türkiýe Respublikasy we Serbiýa. Geleşikleriň umumy bahasy 28 mln 389 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Içerki bazara umumy bahasy 69 mln 545 müň manada barabar bolan polipropilen we nebit ýol bitumy (“Türkmennebit” DK), şeýle hem boýalan mata we float düz aýnasy satyn alyndy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news