Mongoliýa täze Harhorum şäherini gurýar: gadymy paýtagtyň täzeden dikeldilişi
20.06.2025 | 18:15 |Mongoliýa täze Harhorum şäheriniň gurluşygyna başlady, ol ýurduň paýtagty Ulan-Batordan soň ikinji iň uly şäher bolar. Paýtagt Ulan-Batordan 300 kilometr günbatarda, Orhon derýasynyň jülgesinde ýerleşýän bu taslama iki esasy maksada hyzmat edýär: ilat sany boýunça aşa ýüklenen Ulan-Batory ýeňletmek we Mongoliýanyň taryhy mirasyny täzeden janlandyrmak.
Bu ýer tötänden saýlanylmady, sebäbi gadymy Mongol imperiýasynyň paýtagty – Çingiz hanyň esaslandyran Karakorum şäheri hut şu ýerde ýerleşýärdi. Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh beýik hanlar döwrüniň şäher keşbini täzeden döretmegiň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi.
Harhorum 500 müň ilatyň ýaşamagy üçin niýetlenýär we 285 müň iş orunlaryny döretmek bilen sebitleýin ösüşiň esasy merkezine öwrüler. Taslamada giň gerimli infrastruktura gurluşygy göz öňünde tutulýar hem-de ýaşyl zolagyň döredilmegine aýratyn üns berilýär – 1500 gektar meýdanda 1 milliondan gowrak agajyň oturdylmagy bilen, sähranyň ortasynda “şäher-bagy” dörediler.
Harhorumyň gurluşygyna kanunçylyk taýdan goldaw berildi, 189 müň gektar ýer bölünip berildi, taslamanyň 2029-njy ýyla çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýär. Bu taslama Mongoliýanyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak we ykdysady ösüşe ýetmek bilen bagly giň strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar, şol sanda 2030-njy ýyla çenli syýahatçylykdan alynýan girdejileri 8 milliard dollara çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.
ORIENT