Skydweller: aýlap howada uçup bilýän gün batareýalaryndaky uçarmansyz uçar
21.06.2025 | 18:15 |Amerikaly Skydweller Aero startapynyñ fransuz Thales kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň netijesinde dünýä jemgyýetçiligine Skydweller — diňe gün energiýasy bilen işleýän, 30 güne çenli howada galyp bilýän innowasion uçarmansyz uçuş enjamy (UUE) hödürlendi. Awiasiýa tehnologiýalaryndaky bu öňegidişlik uzak möhletli gözegçilik we maglumat ýygnamak boýunça täze mümkinçilikleri açýar.
Skydweller-iň esasy aýratynlygy onuň özbaşdak işlemegidir, bu bolsa giň ganatlaryna ýerleşdirilen ýokary netijeli gün panelleriniň kömegi bilen gazanylýar. Şeýle gurluş uçarmansyz enjama 400 kilograma çenli peýdaly ýük götermäge mümkinçilik berýär. Bu ýükleriň arasynda Thales kompaniýasynyň AirMaster S atly radiolokasion desgasy we beýleki döwrebap gözegçilik hem-de gözleg enjamlary bolup biler.
Skydweller ýeňil we berk karbon gurluş esaaynda gurlandyr, bu bolsa onuň ýük göterijiligini hem-de energiýa tygşytlylygyny üpjün edýär. Uçuşa gözegçilik we energiýa sarp edilişini optimizirlemek MAPS ady bilen tanalýan ösen emeli añ ulgamy arkaly amala aşyrylýar. Bu ulgam Skydweller-i deňiz giňişliklerine uzak möhletleýin gözegçilik etmek, gämi ýol hereketine gözegçilik we dürli görnüşli gözleg missiýalary üçin ajaýyp çözgüt edip görkezýär.
Skydweller taslamasy Amerikanyň we Ýewropanyň kompaniýalarynyň bilelikdäki tagallalarynyň ýokary tehnologiýaly, awtonom we ekologiýa taýdan arassa çözgütleriň döredilmegine alyp gelýändigini görkezýän aýdyñ mysal bolup, üstünlikli transatlantik hyzmatdaşlygyny görkezýär. Şeýle enjamlar durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orun tutýar we adam ekipažyna hiç hili howp salmazdan hakyky wagt tertibinde maglumatlary üpjün edýär.
ORIENT