"Türkmentelekom" EAK: Aşgabatdaky internet-kafeleriñ meşhur galmagynyñ sebäpleri
21.06.2025 | 19:20 |Türkmenistanda ýokary tizlikli internetiñ we gajetleriñ giñden ýaýramagyna garamazdan, internet-kafeler meşhurlygyny ýitirmän gelýär. Bu diñe bir ulgama elýeterlilik däldir, eýsem iş, okuw we medeni dynç-alyş üçin doly manydaky giñişlik bolup durýar.
Ýurdumyzyñ paýtagtynda we beýleki welaýatlarynda heteket edýän häzirki zaman internet-kafeler rahat tehnika bilen enjamlaşdyrylyp, sanly hyzmatlaryñ giñ görnüşini hödürleýärler. Bu ýerde internete çykmak bilen deñ derejede, resminamalary skanirlemek, okuw materiallaryny çap etmek, gazet-žurnallardan alnan makalalary ýazyp saklamak hem-de onlaýn-maslahatlara gatnaşmak mümkin bolup durýar.
Talyplar üçin internet-kafe özboluşly akyl-paýhas merkezlerine öwrülip, ol ýerde ýaşlar taslamalaryny taýaýarlaýarlar, ylmy iş bilen meşgullanýarlar hem-de deñ-duşlary bilen pikir alyşýarlar. Şeýle giñişlikler resmi däl okuw prosesine we sanly medeniýetiñ ösüşine ýardam berýärler.
Bu ugur sanly ykdysadyýete geçmek hem-de ilat üçin internet-mümkinçilikleri giñeltmek boýunça yzygiderli iş alyp barýan "Türkmenaragaynaşyk" agentliginiñ "Türkmentelekom" elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan giñden goldanylýar.
Häzirki wagtda Aşgabadyñ çäginde 6 sany internet-kafe hereket edýär. Olaryñ salgylaryny we telefon belgilerini https://telecom.tm/ru/internet-cafe/ saýtynda tapyp bolýar.
ORIENT