Iň täze habarlar

Türkmenistanyñ ýygyndy topary hokkeý boýunça dünýä çempionatynda ikinji ýeñşini gazandy

23.04.2025 | 16:20 |
 Türkmenistanyñ ýygyndy topary hokkeý boýunça dünýä çempionatynda ikinji ýeñşini gazandy

Türkmenistanyñ milli topary hokkeý boýunça dünýä çempionatynyñ III Diwizionynyñ A toparynyñ çäklerinde ikinji duşuşygy geçirip, ýeñiş gazandy.

Türkmen hokkeý oýunçylary toparyñ öñdebaryjysy hasaplanylýan ýaryşlaryñ eýesi Türkiýäniñ ýygyndysyndan öñe geçdiler. Duşuşygyñ 8-nji minudynda Kerwen Baýlyýew Türkmenistanyñ ýygyndysyny öñe geçirtdi. Türk türgenleri birinji döwrüñ tamamlanmagyna üç minut galanda hasaby deñleşdirdiler.

Ikinji ýigrimi minutlygyñ başynda Aleksandr Wahowskiý türkmenistanlylaryñ ikinji şaýbasyny geçirip, netijede ol ýeñişli boldy. Duşuşygyñ soñky minutlarynda türk hokkeý oýunçylary şaýbany geçirdiler, emma wideo ýazgyny görenden soñ, arbitr ony ýatyrdy.

III Diwizionyñ A toparynyñ ýene bir duşuşygynda GAR ýygyndysy Bosniýany 3:2 hasabynda ýeñdi.

Iki duşuşykdan soñ, 6 utugy bilen Gyrgyzystan we Türkmenistan birinji orny paýlaşýarlar.

24-nji aprelde geçiriljek üçünji tapgyrda Türkmenistan Lýuksemburg, Gyrgyzystan - Bosniýa, Türkiýe - GAR bilen duşuşarlar.

ORIENT news

Foto: fergana.agency

Şeýle hem okaň: