Türkmenistan kriosfera üýtgeşmelerine uýgunlaşmak boýunça milli ädimlerini kesgitleýär
12.05.2025 | 19:57 |2025-nji ýylyň 12–13-nji maýynda Aşgabat şäherinde GEF–UNDP–ÝUNESKO-nyň “Niwal-gleýsial ulgamlary bahalandyrmak arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we howanyñ üýtgemegine uýgunlaşmak üçin toplumlaýyn usullary işläp düzmäge sebitleýin hyzmatdaşlygy ilerletmek” atly taslamasynyň çäginde milli seminar geçirildi. Seminaryñ maksady – sebitleýin ileri tutulýan ugurlary Türkmenistanyň kriosfera gözegçiligi we howa durnuklylygyny güýçlendirmek boýunça hakyky ädimlere öwürmekden ybarat boldy.
Bu seminar Gazagystanda, Täjigistanda we Özbegistanda geçirilen şuňa meňzeş duşuşyklardan soň Merkezi Aziýa ýurtlarynda geçirilen dördünji milli çäre boldy. Oňa döwlet pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryñ, akademiki jemgyýetiň we raýat jemgyýetiniň guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Seminarda buzluklara, gar örtügine we hemişelik doň topraklara gözegçiligi kämilleşdirmek, işlenilen maglumatlaryň alyş-çalyşyny güýçlendirmek, ylmy-barlag işlerini ösdürmek hem-de kriosfera bilen baglanyşykly bilimleri döretmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem, milli derejede çäreleriň utgaşdyrylmagyny dowam etdirmek üçin pudagara iş toparynyň döredilmegine ýardam berildi.
Maslahatyň açylyşynda çykyş eden Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyñ işleri boýunça Milli toparynyñ jogapkär sekretary Çynar Rustamowa: “Sebitleýin hyzmatdaşlyk, howanyň üýtgemegi şertlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar – suw diňe baýlygyň çeşmesi däl, ol – ýaşaýşyň özenidir. Buzluklardan iýmitlenýän derýalaryň bar ýerinde, Türkmenistanyň mysalynda bolşy ýaly, uýgunlaşmak meseleleri örän wajyp bolup durýar” diýip belledi.
Seminar Türkmenistan tarapyndan durnukly ösüş ugrunda milli we sebitleýin tagallalary güýçlendirmäge, şeýle hem BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibi we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelligini azaltmak boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasy ýaly halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine bolan ygrarlylygyny görkezdi.
Milli seminarlaryñ tapgyry Gyrgyz Respublikasynda dowam etdiriler we 2025-nji ýylyň iýun aýynda tamamlanar.
ORIENT