KazanForum çäklerinde ýaş diplomatlar “Rubin” futbol klubynyň ýyldyzlary bilen duşuşyk oýnuny geçirerler
11.05.2025 | 16:00 |16-njy maýda sagat 10:00-dan 11:30-a çenli Kazan şäherinde Russiýanyň futbol ýyldyzlarynyň, “Rubin” klubynyň öňdebaryjy oýunçylarynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň diplomatlarynyň gatnaşmagynda dostluk futbol duşuşygy geçiriler.
Şu wagta çenli duşuşyga gatnaşjakdygyny tassyk edenleriň arasynda Kazanyň “Rubin” klubynyň meşhur oýuncylary bolan Makbet Sibaya (Günorta Afrika Respublikasy), Gökdeniz Karadeniz (Türkiýe), Sergeý Ryžikow, Roman Şaronow, Rustem Huzin, Andreý Fýodorow, Aleksandr Buharow, Pawel Harçik, Andreý Knýzew, şeýle hem Russiýanyň futbolynyň meşhur ýyldyzlary, Russiýanyň Futbol Bileleşiginiň ilçileri Aleksandr Mostowoý we Ruslan Nigmatullin bar. Oýunçylaryň biri hökmünde Tatarystanyň sport ministri Wladimir Leonow hem meýdana çykar.
Ýaş diplomatlaryň toparyna Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlyk we medeni gatnaşyklary bölüminiň başlygy, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösüşine jogapkär Konstantin Kolpakow hem-de onuñ kärdeşleri bolan Bangladeşdyñ, Gwineýanyñ, Indoneziýanyñ, Eýranyñ, Maliniñ, Marokkonyñ, Omanyñ, Pakistanyñ we Russiýanyñ diplomatlary wekilçilik eder.
Daşary syýasat edaralarynyň işgärleriniň arasynda şeýle dostluk duşuşyklaryny geçirmek pikiri 2023-nji ýylda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýaş diplomatlar geňeşiniň başlangyjy bilen hödürlendi. Dünýä ýurtlarynyň DIM-niñ wekilleriniň gatnaşmagyndaky şeýle bäsleşikler sportda milli, dini, jynsy we beýleki päsgelçilikleriñ we ters pikirleriñ aradan aýyrýandygyny görkezýär. Sport – medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde halklary biri-birinden aýyrman, eýsem birleşdirýärdir. Futbol meýdanynda umumy dil tapmagy başarýan diplomatlar, halkara gün tertibindäki möhüm meseleleriň çözgüdinde hem özara düşünişmegi ýeňil başarýarlar.
Şeýle diplomatik duşuşyklar öň hem Peterburg halkara ykdysady forumynyň, “Russiýa-Afrika” ikinji sammitiniň, 2024-nji ýyldaky Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň we beýleki halkara çäreleriñ çäklerinde geçirildi.
Şu ýyl şeýle oýun ilkinji gezek myhmansöýer Kazanda, “Lebažýe” gorag zolagyndaky tokaý meýdançasynda ýerleşýän “Ýaş gwardiýa” sport düşelgesiniň çäklerinde geçirilýän halkara çagalar futbol ýaryşy “Gündogaryň Kubogy” çäresi bilen bilelikde geçiriler. Bu kubok 2024-nji ýylda “Rubin” futbol kluby bilen Tatarystanyň Sport ministrligi tarapyndan esaslandyryldy. Ilkinji ýaryş 2024-nji ýylyň 20-22-nji sentýabry aralygynda geçirilip, onda Russiýadan, Saud Arabystanyndan, BAE-den, Gazagystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan 10 topar çykyş etdi. Kubogyň ýeňijisi “Rubin” topary boldy.
Şeýle hem 16-njy maýda sagat 14:00-dan 16:00-a çenli “Kazan-Ekspo” halkara sergi merkezindäki forumda “Rubin” klubynyň stendinde Aleksandr Mostowoý bilen Ruslan Nigmatulliniň awtograf-sessiýasy bolar. 17-nji maýda bolsa RF-nyň Futbol Bileleşiginiň ilçileri “Gündogaryň Kubogy” ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşarlar.
Geçmişde Ýewropa kuboklarynda üstünlikli çykyş eden garşydaşlaryň güýçlüdigine garamazdan, ýaş diplomatlar öz güýçlerine ynanýarlar. Gaty çylşyrymly iş tertibine garamazdan, olar hemişe özüni kämilleşdirmek, şol sanda fiziki taýdan ösdürmek üçin wagt tapýarlar. Sagdyn durmuş ýörelgesi, yzygiderli türgenleşikler we bäsleşiklere gatnaşmak – daşary syýasat ulgamynyň üstünlikli işgäriniň aýrylmaz bölegidir. Olar öz göreldesi bilen watandaşlaryna hem-de ýaşaýan ýurtlarynyň raýatlaryny ruhlandyrýarlar.
Bu ajaýyp we köňül açyjy duşuşyga ähli kişileri çagyrýarys! Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriñ wekilleri üçin Kazandan transfer üpjün ediler – bu barada goşmaça habar berler. Täzeliklerden habarly boluñ we köpçülikleýin habar beriş serişdeler üçin “KazanForum” Telegram-kanalyna goşulyñ!
Çäräniñ doly maksatnamasy forumyñ resmi saýtynda elýeterlidir.
KazanForum 2025-de duşuşýançak!
Çäräniň guramaçylyk işleriniň operatory hökmünde “Roskongress” gaznasy çykyş edýär, operatoryñ ýerine ýetiriji müdiriýeti bolsa “Sport we durmuş taslamalarynyň müdiriýeti” bolup durýar.