«Geljege ýaşyl ädim: Çagalaryň hereketi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
01.06.2025 | 17:45 |Şu gün Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde gurnamagynda çäre geçirildi. Bu çäre Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlandy.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Geljege ýaşyl ädim: Çagalaryň hereketi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy.
Şeýle döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi ýaş nesilde daşky gurşawa, tebigata bolan söýgini oýarmaga hem-de ýaş zehinleri ýüze çykarmaga itergi berýär, diýip çykyşlarda bellenildi. Çäräniň dowamynda çagalaryň taýýarlan şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek boýunça ussatlyk sapagy guraldy. Sapagyň dowamynda çagalar galyndylary aýry-aýry ýygnamagyň we gaýtadan ulanmagyň usullary, olaryň daşky gurşawy goramakda ýetirýän peýdasy barada düşünje aldylar.
ORIENT