Iň täze habarlar

Türkmenistan we Katar: ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

01.06.2025 | 21:37 |
 Türkmenistan we Katar: ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Ýokary bilimler boýunça Doha institutynyň rektory Abdelwahab El-Afendi bilen duşuşyk geçirdi.

1

Duşuşygyň barşynda Ilçi, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, mahriban diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan halkara çäreler barada belläp geçdi.

2

Şeýle hem, iki döwletiň arasynda ylym-bilim pudagyny ösdürmek bilen baglanyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylan ýagdaýda öwretmegiň täze usulyýet-tejribeleriniň alyşylmagy barada maslahatlaşyldy.

3

ORIENT

Foto: Katar Döwletindäki Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: