Kiýewdäki türkmen ýaşlary Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişine gatnaşdylar
01.06.2025 | 22:52 |Ukrainadaky türkmen talyp ýaşlary we diasporanyň wekilleri üçin tomusyň ilkinji güni işjeňlik we şadyýanlyk bilen başlandy. Her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy ekologiki welosiped ýörişini gurady.
Welosipedli ýöriş Ukraianyň “Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça Baş döwlet kärhanasy” bilen bilelikde, işjeň dynç alyş we sporuň açyk görnüşleri üçin ajaýyp we ekologiýa taýdan arassa howasy bilen tanalýan Kiýew şäherindäki Dnepr derýasynyň üstünde ýerleşýän Truhanow adasynyň çäginde geçirildi.
Türkmenistanda bu halkara baýramçylyga aýratyn üns berilýär, hem-de bu baýramçylyk ýurduň ähli künjeginde we daşary ýurtlarda giňden bellenilýär. Çünki sporty ösdürmek, welosipedli ýöriş etmek we jemgyýetiň ekologiki medeniýetini döretmek ugrundaky tagallalara ýokary baha berýän biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edildi.
Dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda welosiped sporty bilen meşgullaýanlar üçin ähli amatlyklar döredildi. Bu gün biziň ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörişi we dürli ýaryşlar geçirilýär, täze ýodajyklar açylýar we sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolan welosiped ýörişiniň çäklerinde daşky gurşawy goramak meseleleri barada hem maslahatlaşylýar.
Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar milli baýdagymyz bilen adanyň içi boýunça hereket edip, kölleriň, dub we sosna agaçlarynyň, çägeli kenarlaryň üstünden umumy uzynlygy 17 km töweregi ýol geçdiler.
Pellehanada welosipedli ýörişe gatnaşan Türkmenistanyň Ilçihanasynyň diplomatik işgärleri bu çärä gatnaşan talyp ýaşlar bilen söhbetdeş boldylar. Olar bu çäräniň, beden saglygyny we işjeň durmuş ýörelgesini goramagyň möhümdigine ünsi çekdiler. Welosipedli ýörişiň wezipesi agzybirlik we jebislik, milli aň, öz halkyna, taryhyna, watanyna bolan söýgüni ösdürmek, şeýle hem ýurduň asylly başlangyçlaryny goldamakdygyny bellediler.
Türkmen talyp ýaşlary köpçülikleýin saglyk hereketiniň ösmegine goşant goşmaga, saglyklaryny berkitmäge, milli baýramçylyklary, esasanam sport çäreleri we welosipedli ýörişi wagyz etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
ORIENT