Iň täze habarlar

Özbegistanlylar 2026-njy ýylyñ futbol boýunça Dünýä çempionatynyñ saýlama tapgyrynyñ oýnundan mahrum boldylar

04.06.2025 | 17:50 |
 Özbegistanlylar 2026-njy ýylyñ futbol boýunça Dünýä çempionatynyñ saýlama tapgyrynyñ oýnundan mahrum boldylar

2026-njy ýylda futbol boýunça Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda geçiriljek Birleşen Arap Emirlikleri bilen Özbegistanyň ýygyndy toparlarynyň arasynda duşuşyga gatnaşmak üçin 5 müňden gowrak özbegistanly BAE-na barmaga meýilleşdirýär. Emma stadionda olar üçin niýetlenen ýerleriň sany müňden hem az, diýip Sports.kz habar berýär.

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi, ýurduň Syýahatçylyk komitetine beren beýanatynda, raýatlara oýun bilen baglylykda BAE-na barmakdan saklanmagy maslahat berýär.

“BAE-nyň howa menzillerindäki howpsuzlyk hyzmatlary eýýäm çäklendiriji çäreleri girizip başlady. Şeýle ýagdaýda Özbegistanyň raýatlarynyň deportasiýa edilmegi ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy ähtimal. Oýnuň geçiriljek döwründe mümkin bolan ýaramaz netijeleriň öňüni almak we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, BAE-na syýahatcylyklary guramakdan we olary mahabatlandyrmakdan wagtlaýyn saklanmak maslahat berilýär” - diýip, beýanatda bellenilýär.

Başlangyç maglumatlara görä, Özbegistan bilen BAE-niň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda geçiriljek saýlama oýna gatnaşmak üçin takmynan 5000 özbegistanly gitmekçi bolýar. Emma düzgünnamalara görä, myhman tarap üçin diňe 8% ýa-da 960 adamlyk ýer bölünýär.

Mundan başga-da, "Al-Wahda" futbol klubynyň ýerli stadionynyň jemi 12 müň orunlyk sygymynyň bardygy göz öňünde tutulsa, köp sanly özbegistanly janköýeriň oýna girip bilmezligi ähtimal. Bu bolsa jemgyýetçilik howpsuzlygyna we tertip-düzgüne howp salyp biler.

BAE – Özbegistan duşuşygy 5-nji iýunda geçiriler. Özbegistanyň milli ýygyndysyna Dünýä çempionatyna göni gatnaşmak üçin deňme-deň netije ýeterlik bolar.

ORIENT

Foto: Sports.kz

Şeýle hem okaň: