Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni bilen gutlady

05.06.2025 | 13:35 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerini hem-de ähli türkmen halkyny Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni bilen gutlady. Gutlag hatynda döwlet Baştutany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda bagy-bossanlyklary köpeltmek, tebigaty goramak hem-de ekologiýa deňagramlylygyny saklamak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, döwletimiziň ekologik syýasatynyň esasy maksady – tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, şeýle hem geljekki nesiller üçin oňaýly daşky gurşawy üpjün etmekdir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz tebigaty goramak boýunça milli däpleriň Garaşsyzlyk döwründe täze ösüş ýoluna çykandygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedow her ýyl guralýan ýurdumyzyň ähli sebitlerini öz içine alýan köpçülikleýin bag ekmek çärelerine üns berdi. Bu çäreler arkaly Aşgabatda we welaýatlarda ýaşyl zolaklar giňeldilýär. Hazaryñ kenarynda ýerleşýän "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagy aýratyn nygtalyp, onuň ekologiýa taýdan arassa dynç alyş üçin döredilen şertleri bellenildi.

1

"Altyn asyr" Türkmen köli möhüm ekologik taslama hökmünde görkezilip, sebitdäki biologiki dürlüligine oňyn täsir edýär. Şeýle hem ýurdumyzda seýrek we endemik ösümlik we haýwan görnüşlerini goramak, ekologiýa boýunça kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär.

2

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara başlangyçlara işjeň gatnaşýandygyny, şol sanda BMG we onuň düzüm birlikleri – BMG-niñ Ösüş maksatnamasy, UNEP, FAO bilen, şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasy we beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy. Türkmenistan Pariž ylalaşygyna we Metan boýunça Global borçnamasyna goşulyp, howanyň üýtgemegine garşy göreşde degişli ädimleri ädýär.

3

Gutlag ýüzlenmesiniñ ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine berk jan saglyk, abadançylyk we tebigaty goramak hem-de ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek ugrunda täze üstünlikleri arzuw etdi.

ORIENT

Foto: TDH

Şeýle hem okaň: