Türkmenistan Aziýanyň Kubogyna çykmak ugrunda bäsleşýär
11.06.2025 | 10:00 |10-njy iýunda Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndysy Taýlandyň toparyndan üstün çykyp, ynamly ýeňiş gazandy.
Duşuşyk türkmen ýygyndy toparynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy. Birinji ýarymda Mihail Titow hem-de Yhlas Saparmämmedow topy geçirip tapawutlanyp bildiler. Taýlandyň ýygyndysy Saupaçai Çaýdediň geçiren topy bilen jogap berdi. Emma duşuşygyň ikinji ýarymynda Mekan Saparow jemleýji hasaby düzdi.
Bu oýnuň täze tälimçi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky milli toparymyzyň ilkinji ýeňşidigini bellemek gerek. Röwşen Meredow bir hepde mundan ozal ýygyndy topara ýolbaşçylyk edip başlady. Täze tälimçiniň üstünlikli başlangyjy Türkmenistanyň Aziýanyň Kubogynyň jemleýji bölegine çykmak ynamyny has-da berkidýär.
ORIENT